Malta. Çäklendirilen jogapkärçiligi bolan hususy kompaniýalar.

Путешествия бизнес авиацией

Malta 2004-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy, durnukly Ortaýer döwleti hasaplanýar. Bu ýerde iňlis dili giň ýaýran we döwletiň ösen we abraýly maliýe hyzmatlarynyň senagaty bar.

Düzgünleşdirme ulgamy bank we maýa goýum pudagyny tertipleşdirýän Maliýe hyzmatlaryny dolandyrmakgyň (FSA) kömegi bilen dünýäde ykrar edilen ölçegler bilen ylalaşykdadyr. Hukuk ulgamy raýat hukugynyň esasynda düzlüp, iňlis umumy hukugynyň täsirinde, korporatiw hukukçylyk bolsa Ýewropa Bileleşiginiň direktiwleri we kompaniýalary baradaky Iňlis kanunynyň esasynda düzülendir. Malta Angliýanyň kazyýet ulgamynyň nusgasynda öz garaşsyz kazyýet ulgamyny alyp barýar.

 Malta. Çäklendirilen jogapkärçiligi bolan hususy kompaniýalar.

  • Kärhananyň görnüşi: Çäklendirilen jogapkärçiligi bolan hususy kompaniýalar.
  • Kanunyň görnüşi: Raýatlyk hukugy (umumy hukugyň täsiri bilen).
  • Tekjelik kompaniýasynyň bolmagy: Ýok.
  • Täze kompaniýany döretmek wagty: 2-3 gün.
  • Korporatiw salgyt salmalar: 35%: işiň görnüşine laýyklykda öwezini doldurmak mümkin.
  • Maltanyň maliýe hyzmatlaryny dolandyrmak ýygymy: yglan edilen düzgünnama laýyklykda 245 ýewrodan başlanýar.
  • Ikileýin salgyt salmalardan daşda durmak ylalaşyklaryna ygtyýar: Hawa.
  • Diller: iňlis dili.

Düzgünnamalaýyn kapital ýa-da onuň barabary

  • Standard pul birlik: €
  • Düzgünnamalaýyn kapital: € 233 (20%)
  • Rugsat edilen pul birlik: islendik
  • Minimal möçber: € 1165

Ýolbaşçylar

  • Minimal sany: bir
  • Umumyygtyýarly hasabatlar: hawa
  • Fiziki ýa-da ýuridiki şahs: ikisi hem rugsat edilen
  • Ýerli: ýok, emma netijeli dolandyryş üçin ony göz öňünde tutmaly
  • Ýygnaklaryň geçirilýän ýeri: islendik ýerde, emma aglaba bölegi Maltada geçirilmeli
  • Islendik millet: hawa

Gatnaşyjylar

  • Minimal sany: iki. Kompaniýanyň paýdarlaryna rugsat edilen. Kompaniýanyň bir paýdary takyk ýagdaýlarda rugsat edilýär, tekste serediň.
  • Umumyygtyýarly hasabatlar: hawa
  • Ýygnaklaryň geçirilýän ýeri: islendik ýerde, emma aglaba bölegi Maltada geçirilmeli
Читайте также:  Букмекерские споры, помощь юриста

Häkimiýet tarapyndan benefisiar emläk barada maglumatlaryň ýaýylmagy.

Eger-de degişli ygtyýarlygy bolan Malta trast kompaniýasy umumyygtyýarly hasabatlarda benefisiar eýäniň adyndan paýdar hökmünde çykyş etse, benefisiar eýäniň ady gizlinlikde saklanyp bilner. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Malta benefisiar eýeleriň reýestrini girizdi, netijede häkimýet kompaniýanyň benefisiar eýeleri hakda giňişleýin maglumaty alyp bilerler. Kompaniýa salgytlaryň öwezini dolmak barada arza beren ýagdaýynda, benefisiar eýäniň şahsyýetiniň maltanyň salgyt edaralaryna aýan edilme mümkinçiligi bardyr.

Kompaniýanyň kätipligi

  • Talap edilýärmi: hawa
  • Hasaba alnan ofis talap edilýärmi: hawa.

Hasabatlylyk

  • Taýýarlamak talap edilýärmi: hawa’
  • Umumy ygtyýarly hasabatlar: hawa
  • Audita talaplar: hawa
  • Hasabatlary tabşyrmak talaplary: hawa (audit barlagyny geçenler)

Başgalar

  • Ýyllyk hasabaty tabşyrmak talaby: hawa
  • Ýuridik salgyny üýtgetmek rugsat edilenmi: hawa
  • Reýestrleriň we korporatiw resminamalaryň saklanýan ýeri: resminamalaryň aglabasy hasaba alnan ofisde saklanylýar

Malta kompaniýalary – özüne çekiji artykmaçlyklar

Malta- netijeli hukuk we administratiw ulgamly meşhur ýurisdiksiýa. Hukuk ulgamy raýat hukugynyň esasynda, emma häzirkizaman salgyt, korporatiw we deňiz kanunçylyklary Birleşen Korollygyň kanunçylygynyň esasynda bolup, Ýewropa Bileleşiginiň direktiwleri tarapyndan kadalaşdyrylýar.

Hasaba almak iş tertibi

Tekjelik kompaniýalar elýeterli däl, ýöne hasaba almak iş tertibi ýeňil we tiz. Korporatiw resminamalar kompaniýalaryň Hasaba alyjysyna başky paýdar kapitalyny tölenendiginiň we memoranduma hem-de düzgünnama gol çekilendiginiň tassyklanmasy bilen bile tabşyrylýar. Hasaba alnan kompaniýanyň maglumatlarynyň aýan edilmegi hökmanydyr: Ýewropa Bileleşiginiň rezidentleri bolmadyk paýdarlar bankdan kepilnama almalydyrlar. Eger-de degişli ygtyýarlygy bolan Malta trast kompaniýasy umumyygtyýarly hasabatlarda benefisiar eýäniň adyndan paýdar hökmünde çykyş etse, benefisiar eýäniň ady gizlinlikde saklanyp bilner.

Читайте также:  10 причин посетить Мальту

Ýolbaşçylar we wezipeli şahslar

Ýolbaşçylaryň minimal sany – bir, we ol fiziki ýa-da ýuridiki şahs bolup biler, hem-de kompaniýanyň aýratyn kätibi. Aýratyn ýolbaşçy we kätip Maltanyň ýaşaýjylary bolman hem bilerler, ýöne neijeli dolandyryş üçin bu hemişe maksadalaýykdyr. Beýleki ýurisdiksiýalaryň salgyt talaplaryndan gaça durmak üçin maslahat mejlisi Maltada geçirilmeli, ýolbaşçylar bolsa Malta gelmelidirler.

Авиаперелеты на спортивные события

Paýdarlar we paýnama kapitaly

Azyndan iki paýdar, ýöne bir gatnaşyjyly kompaniýany hasaba almak hem mümkin bolup biler. Korporatiw paýdar kompaniýa esasy söwda işi bilen çäklenýän bir gatnaşyjyly goýberilip bilner. Gatnaşyjylaryň çäklendirilen jogapkärçiligi bolar. Çäklendirilen jogapkärçiligi bolan kompaniýa minimal rugsat edilen paýnama kapitaly € 1165 möçberinde, ýa-da maýa goýumlar bilen tölenen minimum € 233 möçberinde hasaba alnyp bilner.

Kompaniýalaryň atlary

Kompaniýanyň ady çäklendirilen jogapkärçiligi bolan kompaniýalar üçin tassyklanan suffiksy öz içine almalydyr. Belli bir atlary ulanmak çäklendirilen.

Kanun tarapyndan göz öňüne tutulan talaplar

Malta kompaniýasy ýuridiki şahs bolup, fiziki şahsda bolan ygtyýarlara eýedir. Kompaniýanyň alyp barýan işinde çäklendirmeler ýok, ýöne bir şert bilen, onuň işi esaslandyryjy resminamalar tarapyndan rugsat edilen bolmaly.

Kompaniýanyň reýestrleri elmydama täzelenip durmaly, borçlaryň ýeriine ýetirilmedik ýagdaýynda pul möçberinde jerimeler salnar.

Kompaniýanyň hakyky maliýe ýagdaýyny görkezýän, barlagdan geçirilen hasabatlary taýýarlamak hökmanydyr. Barlanan hasabatlar Maltanyň maliýe hyzmatlanrynyň dolandyryşyna tabşyrylýar. Maltanyň kompaniýalary Maltadan öz ýuridik salgysyna göçüp bilerler, daşary ýurt kompaniýalary bolsa Malta gelip bilerler, eger ýurisdiksiýa beýle göçülmelere rugsat berýän bolsa.

Salgytlar

Maltada hasaba alnan kompaniýalar rezident hasaplanýarlar, olaryň Maltada ýuridiki salgylary bar, we şeýlelikde olar bütindünýä esasynda salgyt tölemäge borçlanýarlar. Korporatiw salgydyň girdeji salgyda standard haky 35%, ýöne ol malta kompaniýasy tarapyndan paý peýdalaryň bölünişiginde rezident däl paýdarlara hödürlenilýän salgyt ýeňillikleri ulanylanda 5% çenli düşüp biler. Salgytlaryň öwezini dolmak boýunça netijeli ulgam bar, ol paýdara söwda işinden gazanan girdejisiniň 6/7 bölegini, salgyt hökmünde tölän serişdesini yzyna dolamaga mümkinçilik berýär. Holding kompaniýalary paý peýda girdejisine ýa-da kapitalyň artmagyna bolan salgytlardan bölekleýin boşamak üçin arza tabşyryp bilerler. Saýlaw hökmünde, salgyt tölenilip, girdeji paýlananda paýdar kompaniýanyň tölän salgydynyň doly öwezini dolmagy talap edip biler. Substance (hakykatda bolmak) Maltada ikileýin salgyt tölemelerden gaça durmak üçin ulanylýan ylalaşyklaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak gerek bolar. Maltanyň 70 sany ikileýin salgyt tölemelerden gaça durmak ylalaşyklary bar.

Читайте также:  Отдых на Мальте

Eger-de size goşmaça maglumat gerek bolsa, ýa-da ýokarda agzalanlar bilen baglanyşykda sizde ýüze çykan soraglary maslahatlaşmak isleseňiz, biz bilen habarlaşyň.

Cofrance SARL hususy şahslara şeýle hem olaryň maşgalasyna hyzmatlaryň doly görnüşlerini hödürleýär. Strategiki wajyp ýerlerde ýerleşýän hyzmatdaşlary bolan bu kompaniýa size müşderä gyzykly bolup biljek wajyp, ýagny halkara salgyt meýilnamalary we mirasdüşerlik, işewürlik meýilnamalary ýaly pudaklar boýunça hyzmatlary hödürlemäge ukyplydyr.

Cofrance SARL Maltada

Telefon belgisi: +35620341636

E-mail: vip@jet.mt

Disklamasiýa: bu makaladaky maglumat umumy tanyşlyk üçin niýetlenendir. Berlen maglumat hasapçylyk, ýuridiki, salgyt ýa-da beýleki professional maslahatlaryň we hyzmatlaryň çalşyrylmagy üçin niýetlenen däldir, we biz hereketiň ýa-da hereketsizligiň netijesinde islendik şahsyň islendik ýitgisi üçin jogapkärçilik çekip bilmeýäris.