Путешествия бизнес авиацией

«Maltada şahsy ýüzler üçin meýilnama» beýleki ýurtlaryň raýatlary üçin Maltanyň raýaty bolmak seýrek duş gelýän ähli artykmaçlyklary bolan mümkinçiligi hödürleýär.

Bu artykmaçlyklar we raýatlyk diňe bir arza berene däl-de onuň maşgalasyna hem hödürlenilýär:

Äri/aýaly üçin,

Eje-kakasy üçin,

Ene/ata, mama/babasy üçin,

Çagalary we agtyklary üçin.

Raýatlyga girmegiň ähli kadalary berjaý edileninden soňra, esasy arza berijiniň maşgalasy ajaýyp we ösüp barýan ýurduň raýaty bolmak hukugyny, daşary ýurtda, meselem, Yewropa bileleşiginiň agzalygyndaky ýurtlarda işlemek we bu artykmaçlygy geljekki nesillere galdyrmak mümkinçiligini gazanarlar.

Cofrance SARL bilen işleşmegiň artykmaçlyklary

Maltanyň raýatlygyny almak baradaky soraga köpugurly ýewropa dellaly Cofrance SARL kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika, Russiýa we Hytaý döwletlerinden bolan köp çagaly maşgalalara kömek etmek bilen baglanyşykly tejribesi uludyr.

Biziň müşderilerimiziň bize ýüz tutýan meselelerini ussatlyk bilen çözüp, has hem ösmäge we birkemsiz hyzmat etmäge mümkinçilik alýarys.

Haçan-da siz başga döwlete immirasiýa etmek meýilleşdirýän bolsaňyz, onda size kadalary ýerine ýetirmek, köp sanly kagyzlary ýygnamak, birnäçe arzalary tabşyrmak gerek bolar we bularyň ählisi hem kanuna laýyklykda bolmalydyr. Beýle jikme-jik düzgün siziň täze durmuşa bolan islegiňize täsirini ýetirip biler. Cofrance SARL kompaniýasynda biz ýagdaýy siziň tarapyňyza öwrüp, resminamalary taýýarlamagyň we degişli ýerlere tabşyrmagyň agyr işinden baş alyp çykmaga ýardam ederis.

Biziň hünärmenler toparymyzda immigrasiýa hukukçylarymyz, emläk boýunça agentlerimiz, dilden we ýazmaça terjime etmäge ukyply terjimeçilerimiz we maliýe hünärmenlerimiz bar we olar sizekömek etmek üçin bir topara jemlenendirler. Biz size hödürlemäge şat:

Başlangyç we hemişelik konsultasiýalaryň netijeleri;

Resminamalary terjime etmek we gözden geçirmek;

Hukuk resminamalaryny we görnüşlerini taýýalamak;

Cofrance SARL kompaniýasynyň iş standartlary

Biz öz müşderilerimiziň adyndan immigrasiýa işiniň tutuş dowamynda Maltanyň hökümeti bilen aragatnaşykda bolýarys

Biz gerekli duşuşyklary gurnarys we size kömek ederis.

Biz kireýine almagyň ylalaşygynyň ähli görnüşlerini we garalamalaryny maslahatlaşýarys we gözden geçirýäris, şeýle hem arzalary we ýazuw görnüşlerini taýýarlaýarys.

Gerekli ýagdaýda biz bankda siziň wekilleriňiz, emläk boýunça agentleriňiz, birža dellallaryňyz we notarius kepilçiňiz bolarys. Biz siziň ilçihanalarda geçjek duşuşyklaryňyza ýardam ederis.

Biz şeýle hem, ýaşaýyş ýeriniň talaplary bilen bagly soraglary, ýagny, klub (topar) goşulmak, el telefonyna belgi almak we beýlekileri çözmäge kömek ederis.

Malta – milli aýratynlyklar

Köp sanly işewür adamlar, hünärmenler we gurply adamlar üçin ýygy syýahatlar olaryň gündelik durmuşynyň bir bölegi bolup durýar. Iri iş saparynyň senesi golaýlanda, wiza almak üçin ähli formallyklar ýerine ýetirilen bolmalydyr. Düzgün boýunça, olar:

Soňky 5 ýa-da 10 ýylyň içinde siziň bolan ýurtlaryňyzyň sanawy,

Konsullykda ýa-da ilçihanada gürrüňdeşlik gurnamak we beýlekiler.

Bu işleriň ählisi ummasyz wagty we maliýe serişdelerini talap edýär. Wizany almak zerurlygy çalasynlygy peseldýär we iş saparlarynyň meýilnamasyny bozýar.

Maltanyň raýatlygy ikinji bitarap paspordy almaga, 160-dan gowrak döwlete wizasyz gitmäge we islendik ýewropa döwletinde ýaşamaga bolan mümkünçilikleri döredýär. Malta raýatlygy size ösen we medeniýetleşen jemgyýete ygtyýar berer, bu döwletiň beýleki artykmaçlyklaryna aşakdakylar degişlidir:

  • Arkalaşygyň 53 döwletini we ABŞ-ny hasap etmezden Awstriýa, Belgiýa, Kanada, Daniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Islandiýa, Italiýa, Lýuksemburg, Monako, Niderlandy, Norwegiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Awstraliýa, ýaly ýurtlara wizasyz syýahat etmek.
  • 2004-nji ýyldan bäri Malta Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolanlygy sebäpli, Ýewropa Bileleşiginiň islendik ýurdunda ýaşamak we işlemek hukugy.
  • Ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi: aram klimat, howpsyz daşky gurşaw, üpjünçiligiň ýokary derejesi, güýçli ykdysadyýet we minimal salgytlar (emläge bolan salgyt, emläge bolan beýannama, gozgalmaýan emläge bolan salgyt hereket etmeýär), juda gowy lukmançylyk hyzmatlary.
  • Ýokary standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn bilim ulgamy.

Malta – kanunlar

Biziň guramamyz, işgärlerimiz we hyzmatdaşlarymyz kepil geçýärler

Maltanyň barabar etme agentliklerine (IM) gerek bolup biläýjek ähli resminamalary taýýarlamak we başlangyz we hemişelik konsultasiýalaryň netijelerini ygtyýaryňyza bermek,

Arzalaryň doldurlandygyna göz ýetirmek üçin Identity Malta Agentligine ugratmazdan ozal tassyklaýjy resminamalary barlamak we tassyklamak,

Maltada fiziki şahsyýetler üçin niýetlenen Meýilnama (PPIM) degişli islendik soraglara jogap bermek,

Müşderiniň adyndan Identity Malta agentligine haýyşnama ugratmak,

Müşderä onuň haýyşnamasy bilen bagly IM-den gelen islendik habar barada haýal etmezden mälim etmek

Arza gollanyp, arzanyň eýesi IM-iň öňündäki ähli borçlaryny ýerine ýetirenden soň, müşderiniň adyndan malta hökümetiniň beren pasportyny almak

Maltadaky maýa goýum goýujylarynyň aýratyn hukuklary (PPIM) 2014-nji ýylda kabul edilen № 47 Permanyna we malta raýatlygy baradaky kanunyň 188 bölüminiň goşundysyna esaslanandyr. Bu kanuna laýyklykda raýatlyga kabul edilmek hukugy abraýy ýokary bolup, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýum goýýan şahslara (esasy arzany ýazan) ärine, aýalyna we degişli maşgala agzalaryna «Maýa goýumlar boýunça raýatlyk» meýilnamasynyň çäginde berlip bilner..

PPIM kanunçylygy barada goşmaça maglumaty almak üçin asyl çeşmä ýüz tutuň. Ggoşmaça kanunçylyk 188.03 Malta Respublikasynda hususy maýa goýum goýujylar üçin niýetlenen Meýilnamanyň Reglamenti, 2014-nji ýyldaky Hukuk duýdurmasy 47.

(Justiceservices.gov.mt).

Malta – talaplar

2014-nji ýylyň № 47 Permanyna laýyklykda  Maltanyň maýa goýum goujylaryna niýetlenen Meýilnama (PPIM) daşary ýurtly maýa goýum goýujylara we olaryň maşgalasyna öz raýatlygyny raýatlyga kabul etmegň üsti bilen hödürleýär.

Malta raýatlygy – bu has baý we ady belli dalaşgärlere berilýän aýratyn hukukdyr. Arza ýazanlar öz ýaşan we eger-de üýtgän bolsa öz dgolan ýurtlarynyň çäginde jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigini tassyklaýan resminamany taýýarlamaly. Mundan başga-da Identity Malta (IM) halkara çeşmeleriniň (Interpol) we ýerli häkimiýetiň üsti bilen öz giňeldilen görnüşdäki barlaglaryny hem geçirer.

Maltanyň ykdysady raýatlygy arza ýazana aşakdaky talaplary ýerine ýetiren ýagdaýynda berlip bilner:

Arzany beren şahs indiki taslamalara niýetlenen bellenen 650 000 ýewro möçberde gatanç geçirmelidir: jemgyýet ösüşiniň milli gaznasy we Maltanyň milli ösüş gaznasy.

150 000 ýewro möçberden az bolmadyk ýörite niýetlenen döwlet aksiýalaryny we obligasiýalaryny almaly. Bu görnüş saýlananda maýa goýumlar raýatlyga alynmak şahadatnamasy berlenden soň ýokarda agzalan döwlet aktiwlaryny satmak mümkinçiligi bolmazdan, Identity Malta-nyň gözegçiliginde Maltanyň Merkezi bankynda 5 ýyl möhlet bilen saklanar

e- Residence-iň (barlygyň simwoliki görkezijisi) talaplaryna eýermeli. Maltada 350 000 ýewrodan az bolmadyk gozgalmaýan emläge eýe bolmaly ýa-da ýyllyk kireý tölegi 16 000 ýewrodan az bolmadyk ýaşaýyş binasyny kireýine almaly.

Raýatlyga kabul edilendigi baradaky şahadatnamanyň berilmezinden öň 1 ýylyň dowamynda Maltada ýaşaýandygy baradaky tassyknamany taýýarlamaly. Bu dalaşgäriň Maltadadygy baradaky simwolik görkezijisi. Başgaça aýdylanda, arza berenler we oaryň maşgalasy gerekli möhletde (12 aý) fiziki taýdan Maltada bolmasalar hem bolýar. Maýa goýum goýujy ýurt bilen ýakyn gatnaşygyny we ýeterlik aragatnaşygyny subut etmeli.

Siziň bilmeli birnäçe wajyp zatlaryňyz bar:

Maltada gozgalmaýan emläk satyn almagyň ýa-da kireýine almagyň üsti bilen maýa goýum goýlandan soň arza beriji onuň ýurtda barlygyny tassyklaýan e-Residence kartyny alar. Bu kartyň beýleki artykmaçlyklary öz biznes işiňi başlamak we ýöretmek, bank işi, salgytlar ýaly dürli innowasion online hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmek mümkinçili we başgalardyr.

Читайте также:  {:ru}Затраты, которые необходимо учитывать при продаже недвижимости на Мальте{:}{:ua}Витрати, які необхідно враховувати при продажі нерухомості на Мальті{:}

Ilkinji arza ýazanyň hiç hili saglyk meseleleri bolmaly däl we onuň Global saglyk ätiýaçlandyryş polisy bolmalydyr. Arza ýazan we onuň maşgalasy ýokanç kesellerden ejir çekmeli däldirler, şeýle hem onuň maşgalasynyň her bir agzasynda tölemesi 50 000 ýewro bolan her ýyl uzaltmak mümkinçiligi bolan saglyk ätiýaçlandyryş polisy bolmalydyr.

Hukuk barlaglary üçin ýygyndy

  1. Esasy arza beren: 7500 ýewro

2.Äri/aýaly: 5000 ýewro

3.13 ýaşdan 17 ýaşa her bir gatnaşyjy: 3000 ýewro

4.18 ýaşdan 26 ýaşa çenli her bir gatnaşyjy: 5000 ýewro

  1. 55 ýaş we ondan ýokary her bir gatnaşyjylar üçin: 5000 ýewro

Maltanyň sosial ösüş we üpjünçilik milli fondy. Malta ykdysadyýetine goşulmaly gatançlar:

1.Esasy arza beren: 650 000 ýewro

2.Ýanýoldaşy: 25 000 ýewro

3.0 ýaşdan 17 ýaşa çenli eklençdäki her bir çaga: 25 000

4.18 ýaşdan 26 ýaşa çenli eklençdäki her bir çaga: 50 000 ýewro

5.55 ýaş we ondan ýokary eklençdäki adamlar: 50 000 ýewro

Gozgalmaýan emläge maýa goýumlar. Dalaşgär aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

350 000 ýewro gozgalmaýan emlägi satyn almlay, ýa-da

Ýyllyk kireý tölegi 16 000 ýewro bolan gozgalmaýan emlägi kireýine almaly

Emläk 5 ýylyň dowamynda satylmaly ýa-da ýene kireýine berilmeli däldir.

Malta – resminamalar

Aşakda biziň kompaniýamyzyň arza berijiniň adyndan Identity Malta Agency-nyň ygtyaýryna berjek resminamalary. Bu sanaw gutarnykly görnüşi däldigine üns beriň, IM gerek bolan ýagdaýynda goşmaça resminamalary sorap biler.

Arza görnüşleri

Jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada polisiýadan kepilnamalar (ýaşan we üýtgedilen bolsa doglan ýurtlaryndan);

Esasy arza berijiniň raýatlyga kabul edilmezinden ozal 1 ýyl möhlet bilen Maltada ýaşandygy barada subutnama;

Arza berijiniň we onuň eklenjindäki şahslaryň ýokanç kesellerden ejir çekmeýändikleri we sagdyndyklary baradaky lukmançylyk kepilnamalary;

Düzgünlere laýyklykda Maltanyň döwlet aktiwlerine we gozgalmaýan emläk taslmalaryna maýa goýumyň goýlandygy barada subutnama;

Şahadatnamalar: dogluş we nika (eger bar bolsa);

Şahsyýeti tassyklaýan şahadatnamanyň, paspordyňyzyň, bar bolanlar we möhleti gutaranlar ähli sahypalarynyň nusgasy;

Pasport ölçeginde reňkli suratlar;

Harby bilet ( gulluk edenler üçin);

Täze şahadatnamalar we bank göçürmeler;

Hasaba alnan kärhana baradaky kepilnama, iş berijiniň adyndan hat;

Salgyt tölegleri barada kepilnama;

Doly/Giňeldilen görnüşde lukmançylyk polisynyň barlygy baradaky tassyknama;

Ýaşaýan ýerinden kepilnama.

Hökman! Indiki görnüşler we resminamalar doldurlanda üns bermeli:

SSFW PPIM görnüş – serişdeleriň çeşmesi we maddy üpjünçilik barada göçürme

Esasy arza beriji üçin gerek (ýa-da mümkin bolan ýagdaýynda ýardam ediji üçin)

berlen görnüşde ähli setirler degişli yzygiderlikde doldurylmalydyr. Eger-de haýsy-da bir setir boş galanda gerekli belligi etmeli.

Esasy arza beriji Bank göçürmeleri bilen birlikde SSFW görnüşini tabşyrmalydyr.

Soňky 3 aýyň dowamyndaky bank göçürmeleri gerekdir. Resminamalaryň hakyky görnüşini ýa-da tassyklanan nusgalaryny tabşyrmak bolar. Internet-bank ulgamynyň üsti bilen alnan göçürmeleriň ýanynda resminamalaryň hakykydygyny, dogry we dürsdigini tassyklaýan beýannama bolmalydyr.

Hasap boýunça göçürmeler SSFW görnüşiniň D bölüminde görkezilen bank rekwizitlerine laýyk gelmelidir;

Serişdeler esasy arza berijiniň adyna hasaba alnan hasapdan geçirilen bolmaly. Eger-de serişdeler korporatiw hasapdan geçirilen bolsa, bu ýagdaýda ýolbaşçylar maslahatynyň netijesini gowşurmaly.

Ýakynda açylan, hereket etmeýän ýa-da nol balansly bank hasaplarynyň göçürmeleri esasy arza berijiniň esasy hasabynyň göçürmeleri bolmasa kabul edilmeýär. Meseläni resmileşdirýän  ýazmaça beýannama SSFW görnüşine goşulmalydyr.

Hemaýatkär/Ýardam ediji bolan ýagdaýynda SSFW görnüşi

Maýa goýum goýan şahs esasy arza beriji bolup çykyş etmeýän ýagdaýynda (meselem, ýanýoldaş, eklençdäki uly adam ýa-da başga tarap), Ýardam ediji aşakda agzalanlara borçludyr:

SSFW görnüşini we PDFEE görnüşini doldurmak,

Soňky 3 aýyň dowamynda bank hasaplaryndan göçürmeler. Resminamalaryň hakyky görnüşini ýa-da tassyklanan nusgalaryny tabşyrmak bolar. Internet-bank ulgamynyň üsti bilen alnan göçürmeleriň ýanynda resminamalaryň hakykydygyny, dogry we dürsdigini tassyklaýan beýannama bolmalydyr.

Hasap boýunça göçürmeler SSFW görnüşiniň D bölüminde görkezilen bank rekwizitlerine laýyk gelmelidir;

Serişdeler esasy arza berijiniň adyna hasaba alnan hasapdan geçirilen bolmaly. Eger-de serişdeler korporatiw hasapdan geçirilen bolsa, bu ýagdaýda ýolbaşçylar maslahatynyň netijesini gowşurmaly.

Ýakynda açylan, hereket etmeýän ýa-da nol balansly bank hasaplarynyň göçürmeleri esasy arza berijiniň esasy hasabynyň göçürmeleri bolmasa kabul edilmeýär. Meseläni resmileşdirýän  ýazmaça beýannama SSFW görnüşine goşulmalydyr.

Авиаперелеты на спортивные события

Biometrik (zagran) paspordyň hakyky görnüşiniň tassyklanan hakyky nusgasyny we beýleki resminamalary Dýu-Dilijense gowşurmaly ( Salgyny tassyklatmak we beýlekiler)

PSC PPIM görnüşi – suratlaryň we gollaryň tassyklanylyşy

Her bir arza beren üçin gerek

Haýyş edýäris, üns beriň, bu görnüşde ähli setirler doldurylgy bolmalydyr. Şonluk bilen, 14 ýaşdan we ýokary islendik arza berenler resminamada gol çekmelidirler.

Haýyş edýäris, üns beriň, Tassyklaýjy görnüşiň birinji bölümçesine salgylanandygyny we güwänamanyň ähli düzgünleriniň berjaý edilendigine. Maltanyň çäklerinden daşynda ýerleşýän hukukçy ýa-da Döwlet Notarius (Kepilçi) ýagdaýynda:

1961 ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul edilen Gaaga konwensiýasyna laýyklykda Daşary ýurt resminamalaryny kanunlaşdyrmak talaplaryny ýatyrmak barada Apostil, eger-de ýurisdiksiýa ýokarda agzalan konwensiýanyň tarapy hökmünde çykyş edýän bolsa; ýa-da

Ýurisdiksiýa Gaaga konwensiýasynyň tarapy hökmünde çykyş etmeýän bolsa, güwanamanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan tassyklanmagy; we

Eger-de resminamanyň hakykylygy baradaky güwanamany almak bilen baglanyşykly kynçylyk ýüze çyksa Maltanyň konsullygyna ýa-da degişli Diplomatik wekilhanalara ýüz tutuň.

Pasport görnüşindäki bir surat görnüşde görkezilişi ýaly PSC görnüşine berkidilen bolmalydyr. Bu arza bilen başga hiç hili surat tabşyrylmaly däldir.

MRQ PPIM görnüşi – lukmançylyk kepilnamasy we sowalnama

Her bir arza beriji üçin gerek.

Görnüşiň ähli setirleri doldurylgy bolmalydyr.

Görnüşiň D bölümini jogapkär lukman doldurmaly. Netije (D.13 bölüm) elmydama örän jikmi-jik doldurylmalydyr.

Görnüşiň A bölüminde getirilen görkezmeler esasynda, lukman arza berijiden onuň suratyny saklaýan döwlet resminamasyny soramaga borçlydyr. Soňra lukman suratdaky şahsyň resminamanyň eýesidigini tassyklap, görnüşi doldurmaly:

Identifikasiýa resminamasynyň nusgasyny görnüşe goşup;

Barlanan ýüzüň nusgada görkezilen şahsdygyna ýazmaça arzanyň üsti bilen güwä geçmeli;

Gol çekip, möhür hem-de nusganyň senesini goýup;

Göwnüşiň dördünji (4) sahypasynda ýerleşdirilen beýannamany dolduryp.

Daşary ýurt resminamalarynyň hakykylygy

Haçanda goşmaça resminama (meselem, Maltada ýerleşmeýän Hukukçylardan/Notariusdan nusgalaryň hakykylygy barada güwänama) hakykylygy barada barlagy talap edýän bolsa, resminamanyň taýýarlanýan ýurisdiksiýasyna laýyklykda 3 çykalgadan peýdalanmaly.

  1. 1961 ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul edilen Gaaga konwensiýasyna laýyklykda Daşary ýurt resminamalaryny kanunlaşdyrmak talaplaryny ýatyrmak barada Apostil, eger-de ýurisdiksiýa ýokarda agzalan konwensiýanyň tarapy hökmünde çykyş edýän bolsa; ýa-da
  2. Ýurisdiksiýa Gaaga konwensiýasynyň tarapy hökmünde çykyş etmeýän bolsa, güwanamanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan tassyklanmagy; ýa-da
  3. Bu konwensiýanyň tarapynda çykyş etmeýän ýurisdiksiýa bolan ýagdaýynda, Maltanyň konsullygy ýa-da Diplomatik wekilhana tarapyndan tassyklanmagy.

Resminamalaryň terjimesi

Iňlis dilinde bolmadyk islendik resminama (güwänama we möhürçeler hem) iňlis diline resmi terjme edilen bolmalydyr.

Terjimeler ökde terjimeçi (kazyýetde resmi taýdan ykrar edilen), döwlet guramasy, halkara guramasy ýa-da beýleki resmi guramalar tarapyndan taýýarlanan bolmalydyr. Eger-de terjime resmi ykrar edilen terjimeçisi bolmadyk ýurtda taýýarlanan bolsa, ol esasy ýa-da ýeke-täk iş ulgamy terjime bilen bagly bolan kompaniýa tarapyndan taýýarlanmalydyr. Resminama terjimeçilik kompaniýasyna hukugy bolan azyndan bir jogapkär şahs tarapyndan gol çekilmelidir.

Читайте также:  {:ru}Сборы при ведении бизнеса на Мальте{:}{:en}Business fees in Malta{:}{:ua}Збори при веденні бізнесу на Мальті{:}{:tj}Боҷи тиҷорат дар Малта {:}{:es}Tarifas para la introducción de negocios en Malta{:}{:pt}Taxas para Empresas em Malta{:}{:tr}Malta'da iş yapmak için ücretler{:}{:mt}Ħlasijiet ta' negozju f'Malta{:}{:kz}Мальтада бизнес жүргізу кезіндегі алымдар{:}{:tm}Maltada biznes ýöretmek üçin maglumat toplamasy.{:}

Terjimeçiniň senäni, öz doly adyny, wezipesini, öý we iş salgysyny, telefon belgisini we elektron salgysyny/ web-sahypany dürs we düşnükli görnüşde görkezmelidigi bellärliklidir. Terjime agentlikleriniň ýagdaýynda terjimäni ýerine ýetiren şereket barada dol maglumat saklaýan resmikagyzlar ulanylmalydyr.

Affidewitler

Affidewit gerek bolan ýagdaýynda dürs we ökde taýýarlanan bolmalydyr. Affidewitiň hukukçy tarapyndan kepillendirilmegi hökmanydyr.

Affidewit özünde aşakdakylary saklamalydyr:

  • Affidewiti berýän şahsyň ähli maglumatlary, pasport nomerler, salgy, habarlaşmak üçin belgiler we beýlekiler.
  • Affidewitiň çäklerinde edilen arza ýa-da berlen maglumat düşnükli görnüşde dürs resminamalaşdyrylan bolmalydyr.
  • Affidewiti berýän şahsyň goluna güwä geçýän hünärmen, ony affidewitiň kabul edilýän ýurdunyň kanunyna laýyklykda etmäge hukukly bolmalydyr, meselem Hukukçy ýa-da Döwlet notariusy
  • Bu adam resminama gol çekip, dogry we dürs görnüşde senäni, öz doly adyny, öý we iş salgysyny, telefon belgisini we eelektron salgysyny görkezmelidir.
  • Affidewitiň iňlis dilinde taýýarlanmadyk ýagdaýynda, ol ýokardaky bölümçede görkezilişi ýaly taýýarlanyp berilmelidir.

Ýany bilen ugradylýan resminamalaryň gowşurylmagy

Dogry taýýarlanan ýan resminamalar ret ediljek arzanyň öňüni almak üçin hökmanydyr. Indiki görkezmeler resminamalary dogry taýýarlamakda ýardam ederler.

Biometrik pasport

Biometrik pasportlaryň şeýle hem ygtyýarnamalaryň tassyklanan hakyky nusgalary ähli arza berenler, hat-da ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar üçin hem gerekdir.

Nusgalaryň düşnükli we dürsdigine göz ýetiriň. Paspordyň diňe aşakdaky maglumatlary saklaýan sahypalarynyň nusgalary gerek:

  • Pasportyň nomeri, berlen senesi, berlen ýeri we hereket edýän möhleti;
  • Suraty, ady, doglan senesi we doglan ýeri;
  • Berlen ýurdy we goly;
  • Pasportyň islendik üýtgeşmeleri we düzedilmeleri jikme-jik görkezilen sahypalary (meselem, Wiza, Immigrasiýa möhürçeleri we ş.m.)

Maglumat sahypasynda görkezilen MRZ kodunyň dürs we düşnüklidigine göz ýetiriň.

Eger-de arza berijiniň birnäçe ýurt üçin birnäçe halkara pasportlary bar bolsa, onda ýokarda agzalan görkezmelere laýyklykda her bir resminamanyň tassyklanan nusgasyny tabşyrmaly.

Şahsy kepillendirme (ýa-da Deň derejede Ýurisdiksiýa)

Raýatlyga dalaşgär ähli şahslar üçin gerek, hat-da ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar üçin hem.

Arza berijiniň şahsyny kepillendiriji ýa-da onuň deň derejeli ýurisdiksiýanyň (başgaça aýdylanda, Raýatlyk ýurdunda identifikasiýa üçin ulanylýan resminama) tassyklanan hakyky nusgasy gerek. Eger arza berijiniň birnäçe raýatlygy bar bolsa, onda şol ýurtlaryň ählisinden şahsy kepillenidriji resminamalaryň tassyklanan hakyky nusgalary gerek.

Eger-de arza beriji şahsy kepillendiriji resminamalary bermeýän bolsa, ýa-da ony belli bir ýaş derejesine ýetileninden soň berýän bolsa, onda arza berijiniň N, O ýa-da P görnüşiniň D bölümine laýyklykda ýazmaça düşündiriş taýýarlanylmaly.

Ýaşalýan ýer üçin şahsy şahadatnama (Ýagdaýlara görä hemişelik ýa-da wagtlaýyn)

Raýatlyga dalaşgär ähli şahslar üçin gerek, hat-da ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar üçin hem.

Islendik arza berijiniň hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýeri üçin şahsy rugsatnamasybyň we kartynyň tassyklanan hakyky nusgalary gerek. Eger arza berijiniň ýaşaýan ýeri üçin birnäçe rugsatnamasy ýa-da karty bar bolsa, olaryň her biriniň tassyklanan hakyky nusgalary gerek.

Maltanyň hökümeti tarapyndan berlen elektron wekilçilik karty.

Esasy arza berene ýa-da beýleki arzalary bilen birlikde şeýle resminamasy bolan islendik şahsa Malta hökümeti tarapyndan berlen elektron wekilçilik kartynyň nusgalaryny tabşyrmak wajypdyr. Içki ýazgylardan seredilýändigi sebäpli, olary tassyklatmagyň geregi ýok.

Emma şondada, arza berijiniň Malta wekilçilik şahadatnamasy (meselem, Maltanyň içki girdeji bölümi tarapyndan berlen) bar bolsa, onda resminamanyň tassyklanan hakyky nusgasy degişli görnüşde tabşyrylmalydyr.

Gulluk wezipesini görkezýän resminamalaryň sanawy (ýagdaýlara görä)

Eger-de haýsy hem bolsa bir arza beriji bir ýurduň ýaragly güýçlerinde gulluk eden bolsa, harby taýýarlygy geçen bolsa, onda N, O ýa-da P görnüşlerde görkezilişi ýaly ýazgylaryň ýa-da şahadatnamalaryň tassyklanan hakyky nusgalary tabşyrylmalydyr.

Dogluş hakynda şahadatnama

Raýatlyga dalaşgär ähli şahslar üçin gerek, hat-da ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar üçin hem.

Arza tabşyrylanda Dogluş hakynda Şahadatnamalaryň tassyklanan hakyky nusgalary soralýar. Bu görnüşli resminamalaryň 4.3 bölüme laýyklykda tassyklanandygyna we terjime edilendigine göz ýetirmeli. Tassyklanan nusgalar dürs we düşnükli bolmalydyr.

Arza berlende her bir arza beriji üçin degişli asyl nusgalygy we terjimesi bar bolan dogluş hakynda şahadatnamanyň bir tassyklanan hakyky nusgasy ýeterlikdir.

Ady üýtgetmek boýunça resminamalar

Raýatlyga dalaşgär ähli şahslar üçin gerek, hat-da ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar üçin hem.

Eger-de haýsy hem bolsa bir arza beriji resmi taýdan adyny ýa-da familiýasyny üýtgeden bolsa, onda at üýtgedilenini hasaba alýan resminamalaryň tassyklanan hakyky nusgasy gerekdir. PDFEE Görnüşde at üýtgeşmelerini we sebäpleri görkezilmelidir.

Nika we Aýrylyşmak hakynda Şahadatnamalar ( ýagdaýlara görä)

Raýatlyga dalaşgär ähli şahslar üçin gerek, hat-da ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar üçin hem.

Arza tabşyrylanda Nika we Aýrylyşmak barada şahadatnamalaryň tassyklanan hakyky nusgalary soralýar. Eger-de arza beriji öň durmuş gurup, soňra sebäplere görä aýrylyşan bolsa aýrylyşany barada şahadatnama hem gerekdir. Eger-de arza beriji öň durmuş gurup, soňra sebäplere görä birnäçe gezek aýrylyşan bolsa, onda aýrylyşany barada şahadatnamalaryň ählisiniň tassyklanan hakyky nusgalary gerekdir.

Şahadatnamalar tabşyrylanda olaryň 4.3 Bölümçelerine görä tassyklanandygyny we terjime edilendigine göz ýetiriň. Tassyklanan nusgalar dürs we düşnükli bolmalydyr.

Resminamalar tabşyrylanda her tassyklanan resminamanyň bir nusgasynyň degişli asyl nusgalygy we terjimesi bilen tabşyrylmagy ýeterlikdir (her bir arza beren şahslaryň ýagdaýlaryna görä).

Ýaşaýan salgylarynyň resmi tassyklanmagy

Raýatlyga dalaşgärlik edýän her bir uly ýaşly eklençdäki şahslaryň we esasy arza berijiniň hakyky wagtda hemişelik ýaşaýan salgysynyň resmi tassyklanan görnüşi soralýar.

Arza berijiler öz hemişelik ýaşaýan salgylarynyň resmi tassyklanan görnüşini tabşyrmaly. Eger-de esasy arza berijiniň salgysy ýanýoldaşynyňkydan ýa-da başga uly ýaşly eklençdäki şahsyň salgysyndan tapawutlanýan bolsa, olaryň hem resmi tassyklanan görnüşini tabşyrmak hökmanydyr.

Resminamalar 6 aýdan “uly” bolmaly däldir. Ýaşaýan ýeriniň ýerli Häkimiýetinden/ Munisipalitetden kepilnama, kommunal hyzmatlarynyň tölenýändigi barada hasapnamalar, ykrar edilen karz guramasyndan, ýerli ýa-da merkezi häkimiýetden möhür goýlan we Munisipalitet tarapyndan senelenen hat.

Düzgün bozulmalar barada polisiýadan kepilnamalar

Ýaşan we üýtgedilen bolsa doglan ýurdundan alynmaly.

Resminamalar on iki (12) we ondan ýokary ýaşdaky arza berenler üçin tabşyrylmaly. Mundan başga-da kepilnama raýatyň ýaşan soňky 10 ýyly barada maglumaty saklamaly we Maltanyň konsullygyna tabşyrylmazdan öň berlen möhleti 6 aýdan az bolmaly däldir. Resminamalaryň diňe hakykylary tabşyrylmalydyr, nusgalar gadagandyr.

Käbir ýurtlaryň polisiýa guramalary bu görnüşli kepilnamalary soraýan daşary döwletleriň hökümetleriniň özüne göni ugradýarlar. Bu ýagdaýlarda kepilnamalary indiki salgy boýunça ugratmagy haýyş etmeli: Maltanyň şahsy tassyklamak boýunça agentligi, Ortaýer maslahat-merkezi, Triq l-Isptar, Valletta, VLT 1645.

Eger-de polisiýa guramasy Kepilnamany soraýan edaradan resmi haty alanyndan soň berýän bolsa, onda bu ýagdaýda Konsullyga ýüz tutup, haty ugratmagyny soraň.

Читайте также:  Букмекеры и лудоманы

Ähli eklençdäki şahslar üçin eklenilýändigi barada kepilnama

Resminama hossarlyk ene-atanyň birine tabşyrylan eklençdäki we ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ählisi üçin onuň hakykysyny ýa-da nusgasyny tabşyrmaly.

Käbir ýagdaýlarda arza seredilende her bir eklençdäki şahs üçin eklençdedigine göz ýetirmek üçin onuň taryhyny we eklençdedigni subut ediji resminamalary we goşmaça maglumaty talap etmekleri mümkin.

On sekiz (18) ýaşdan ýokary her bir şahs üçin, ýanýoldaşyndan daşgary, maliýe hemaýat edilýändigi barada affidewit talap edilýär. Beýle görnüşli affidewitde eklençdäki şahsyň esasy arza berijiniň doly eklenjinde saklanýanmydygy görkezilmelidir. Eje-kaka, ene-atalar bilen baglanyşykly ýagdaýda bu şahslaryň esasy arza berijiniň maşgala agzasydygy barada subutnama gerekdir.

Ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik eklençdäki şahslar barada aýdylanda bolsa, ýekebara hossarlyk eje-kakanyň birine ýa-da başga bir şahsa tabşyrylan bolsa, hossarlyk kazyýet ýa-da beýleki degişli edara tarapyndan tabşyrylandygyny subut edýän ýuridiki resminama tabşyrylmalydyr.

Öz-özüni dolandyrýan esasy arza berenler üçin biznesi ýöretmek barada şahadatnama

Girdeji çeşmesi öz hususy işi bolan esasy arza beren şahslar üçin talap edilýär.

Bölekleýin ýa-da doly biznese eýedigi baradaky resmi subutnama arza tabşyrylanda talap edilýär. Indiki resminamalaryň tassyklanan nusgalary ýa-da olara barabar ýuridik resminamalar gerekdir:

  • Hasaba alnandygy barada şahadatnama;
  • Memorandum we Esasnama;
  • Aksionerleriň sanawy;
  • Ýolbaşçylaryň sanawy;

Dürli ýurtlarda resmianamalaryň ady üýtgeýän bolsa, atlarda beýle üýtgeşmeleri göz öňünde tutýan arzany tabşyrmaklyk maslahat berilýär.

Esasy arza berenler üçin iş üpjünçiligi barada şahadatnama

Girdeji çeşmesi resmi iş üpjünçiliginden gelýän esasy arza berenler üçin talap edilýär.

Indiki resminamalaryň haýsy hem bolsa biriniň tassyklanan hakyky nusgalary gerek:

  • Zähmet ylalaşygy barada kepilnama;
  • Töleg sanawnamalary;
  • Salgyt beýannamalarynyň nusgalary
  • Iş bilen üpjün edijiniň maslahat haty;
  • Gerek bolan ýagdaýynda beýleki resminamalar.

Ähli resminamalar iňlis diline terjime edilen bolmaly.

Malta – iş tertibi

Identity Malta (IM) agentligi Maltanyň hususy maýa goýum goýujylarynyň meýilnamasyna jogapkär ýeke-täk döwlet dolandyryş edarasydyr, we ykdysady raýatlygy almak basgançaklaýyn iş tertibi aşakdaky ýazylanlardan ybarat:

  • Siz Cofrance SARL bilen ylalaşyk baglanyşýarsyňyz
  • Siz ähli ýan resminamalaryny ýygnamaly we malta hökümeti tarapyndan alynýan ýygylary we biziň administratiw çykdajylarymyzy tölemeli.
  • Biziň ykrar edilen terjimeçilerimiz siziň ähli resminamalaryňyzy iňlis diline terjime ederler.
  • Siz e-Residence talaplaryna laýyk gelmeli: esasy arza beren we onuň maşgalasy Malta gelersiňiz, salgyny alyp IM-iň kabulhanasyna bararsyňyz ( 3 hepdäniň dowamynda). Dalaşgär e-Residence-iň düzgünlerini berjaý etmeli, ýagny fiziki ýa-da wirtual taýdan Maltanyň çäginde 12 aýyň dowamynda bolmaly.
  • Howpsuzlyk boýunç ähli barlaglar geçirilmelidir (2 hepdäniň dowamynda).
  • Biziň agentlerimiz siziň adyňyzdan Maltanyň degişli edaralaryna arza bererler.
  • Size hasaba alnyşygy we tölegleri işlemegi tölemek şeýle hem töleg edilendigi baradaky subutnamany arzaňyza goşmak gerek bolar. Soňra biz ony IM-e ugradarys we onuň ilkinji çözgüdi barada size habar bereris (2-3 aý).
  • Eger-de ýüzlenme kabul edilen bolsa biz IM-den habar alarys.
  • Eger-de arza doly tassyklanan bolsa, dalaşgär döwlet paçlaryny tölemeli we arzanyň tassyklananyndan soň 4 aýyň dowamynda degişli maýa goýumlary amala aşyrmaly.
  • Her bir dalaşgäriň özi Malta döwletine ygrarlylk barada kasamy kabul eder we raýatlyk hakynda şahadatnamany alar.
  • Şondan soňra esasy arza beren (ýa-da biz) özi we meýilnama laýyk gelýän ähli garyndaşlary üçin Maltanyň biometriki pasportlaryny sorap biler. Haçan-da esasy arza berene maltanyň pasporty berlende, onuň çagalary we ýanýoldaşy hem bu pasportlary göni ýagdaýda alýarlar.

Maltanyň paspordyny almak iş tertibiniň möhletleri.

1.müşderi Malta gelip biometriki maglumatlary ýygnamaly we ýaşamak üçin arza bilen baglanyşykly meselelere seretmeli. Arza beren bankda hasap açmaly, jaýy kireýine almaly, lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşy satyn almaly we ş.m. Bu wagtda arza berene Şengen zolagynda wizasyz syýahat etmek üçin ýaşaýjynyň kartasy berilýär. Bu bolsa raýatlyk şahadatnamasynyň berilmezinden 12 aý öň IM tarapyndan talap edilýän şahsy şahadatnamanyň başy bolup durýar. Yzyna gaýtarylyp berilmeýän 5000 ýewro mukdardaky ilkinji maýa goýum ýaşamak üçin arza berlende malta hökümetine tölenmelidir. Biometriki maglumatlar Maltada ýaşaýandygy baradaky karta ýygnalýar we saklanýar.

  1. Arza degişli ähli düzgünler ýerine ýetirilip, ähli resminamalar doldurylandan soň, Malatnyň ykdysady raýaty bolmaklyk üçin arza tabşyrylýar. Muny ýaşamak üçin arza ýazylanyndan soň islendik wagt ýerine ýetirip bolar.

3.+2 hepde: PPIM arzasy IM tarapyndan seredilýär. Bu wagtda Cofrance SARL malta hökümeti bilen duşuşyklara gatnaşýar we arzanyň Maltanyň maýa goýum üsti bilen raýaty bolmak meýilnamasyna gabat gelýändigine gözegçilik edýär. Ähli düzgünler ýerine ýetirileninden soň, toplumlaýyn barlagy geçirmek üçin çykdajylary tölemek beýannamasy berilýär ( 7 500 ýewro esasy arza berenden), bank ýygymlary üçin ( 200 ýewro) we pasport ýygymlary (500 ýewro esasy arza berenden).

4.+4 hepde. Häkimýet edaralary degişli howpsuzlygyň düýpli barlagyny geçirýärler, onuň dowamynda ähli arzalar 120 günüň dowamynda 4 tapgyrly barlaglardan geçirilýär. Bu wagtyň dowamynda döwlet edaralary goşmaça resminamalary soramagy mümkin. 120 günden soň IM öz kararyny kabul edýär.

5.+20 gün: esasy arza beren 640 000 ýewro mukdarynda (650 000 aýyrmak başynda tölenen 10 000 ýewro) haýyr-sahawat işlerine maýa goýum goýmaly. Esasy dalaşgäriň 640 000 ýewro mukdaryndaky naýa goýumy degişli edaralara tölenmelidir. Üstüne meýilnama laýyk gelýän garyndaşlardan goşant.

6.+4 aý: 150 000 ýewro mukdarynda döwlet obligasiýalaryna maýa goýum, paýnamalar we beýleki gymmat bahaly döwlet kagyzlaryny öz içinde saklaýan maliýe düzgünleri ýerine ýetirilmeli, 350 000 ýewro möçberinde ýaşaýyş jaý satyn alynmaly ýa-da kireýine alynmaly. Gozgalmaýan emläk we gymmat bahaly kagyzlar 5 ýylyň dowamynda saklanmalydyr. Obligasiýalaryň göterimleri we emlägiň artmagy arza bereniň peýdasyna gaýdyp gelýär.

7.maýa goýum edilendigi baradaky subutnama we ýaşaýandygy barada subutnama Cofrance SARL tarapyndan maltanyň häkimýetine tabşyrylýar.

8.raýatlyk kahynda şahadatnama maltanyň häkimýeti tarapyndan gowşurylýar. Tejribede raýatlyk hakynda şahadatnama Maltanyň şahsy şahadatnamasy berlenden 12 aýyň dowamynda häkimýet tarapyndan berilmäge borçludyr. 18 ýaşdan ýokary bolan dalaşgärler kasam kabul etmek we oňa gol çekmek üçin Malta gelmelidirler. Hasaba almak we pasport üçin arzalar tabşyrylýar. Ähli resminamalar tassyklanan bolmalydyr.

9.+ ýa-da -4-5 gün: malta pasporty gowşurylýar.

Aslynda, Maltada hususy maýa goýum goýujylarynyň meýilnamasy (PPIM) boýunça Malta immigrasiýa tertibi 12 aýdan 16 aýa çenli dowam edip biler.

Öz immigrasiýa tertibiňizi biziň bilen başlaň.

Özüňizi Maltanyň bagtly raýaty hökmünde duýuň!

Kasam kabul etmek we notarius ýa-da muny etmäge hukugy bolan başga wezipeli şahs tarapyndan tassyklanylýan ýazmaça arza, güwänama, şahadatnama.

AFFIDEWIT – Kasam kabul etmek we notarius ýa-da muny etmäge hukugy bolan başga wezipeli şahs tarapyndan tassyklanylýan ýazmaça arza, güwänama, şahadatnama.